AHALTEKE ATLARYNDA SEÇGI-TOHUMÇYLYK IŞLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY BARADA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

AHALTEKE ATLARYNDA SEÇGI-TOHUMÇYLYK IŞLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY BARADA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

183
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de bu ugurda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri we türgenleri taýýarlamak malksady bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol atçylyk hojalygynyň başlygy, hususy atşynas Klimuk Aleksandr Stepanowiç bilen Ahalteke atlarynda seçgi-tohumçylyk işleriniň aýratynlyklary barada göni wideoaragatnaşyk arkaly (online) okuw maslahaty geçirildi.
 
 
Akademiýanyň talyplary okuw maslahatyň dowamynda Atçylyk babatda tohumçylyk işi, arassa ganly atlaryň genofonduny gorap saklamak, tohumçylyk işini geçirmegiň täze mümkinçilikleri bilen tanyş boldular hem-de bu ugra degişli bilimlerini artdyrdylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar behişdi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdylar.
 
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň Ýaş alymlar
Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm