GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY (ONLINE) OKUW MASLAHATLARY GEÇIRILDI

GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY (ONLINE) OKUW MASLAHATLARY GEÇIRILDI

200
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdrürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda bu ugurda zähmet çekjek ýokary derejeli hünärmenleri we türgenleri taýýarlamak maksady bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň ussat tälimçisi, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk kompaniýasynyň direktory Katerina-Irena Jakob bilen 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Atçylyk sporty boýunça, atlaryň konkur, çapuw we beýleki atçylyk sportuň görnüşlerine taýýarlamak barada hem-de 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Stawropol atçylyk hojalygynyň başlygy, hususy atşynas Klimuk Aleksandr Stepanowiç bilen Ahalteke atlarynda seçgi-tohumçylyk işleriniň aýratynlyklary we XVIII – XX asyrlarda Ahalteke atlarynyň taryhy dogrusynda  göni wideoaragatnaşyk arkaly (online) okuw maslahaty geçirildi.
 
 
Akademiýanyň talyplary okuw maslahatyň dowamynda Atçylyk boýunça Ýewropanyň tejribeleri bilen tanyş boldular hem-de bu ugra degişli bilimlerini artdyrdylar.
 
 
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda daşary ýurt tejribelerini öwrenmekde, ylmy barlag işlerini geçirmekde, Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
 
Myratdurdyýew Nowruz
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm