SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEKDE ULAG INFRASTRUKTURASYNYŇ ÄHMIÝETI

SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEKDE ULAG INFRASTRUKTURASYNYŇ ÄHMIÝETI

160
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sazlaşykly we ýokary netijeler bilen ösdürmeklige uly üns berilýär.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde içerki we daşarky ulag-aragatnaşyk ulgamyny ýokary derejede ösdürmeklige we bu ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, onuň has-da ykdysady taýdan ähmiýetli bolmaklygyna aýratyn uly üns berilýär. Ýaňy ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň ulag, energetika, ekologiýa we sosial ulgamlarynda sebitara gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir.
Merkezi we Günorta Aziýa sebiti geosyýasy we geoykdysady taýdan dünýäde ykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolan sebitleriň biridir. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara çykarylmagyny üpjün etmekde hem-de ýolagçy gatnawynyň ýokary netijeliligini gazanmakda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň orny uludyr. Elbetde, köpşahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmeginiň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýandyr.
Sebit ýurtlaryň ykdysady ösüşini çaltlandyrmak, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ulag infrastruktura taslamalarynyň orny uludyr. Bu taslamalar ýurtlaryň arasyndaky integrasiýalary pugtalandyrmaga we halkara bazarlaryna çykmagy ýeňilleşdirmäge hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Aziýa sebitinde multimodal ulag ulgamlarynyň ösdürilmegi arkaly ýurtlaryň arasynda özara ykdysady gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Türkmenistan-Gazagystan-Eýran demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Gazgystany, Russiýanyň merkezi sebitlerini we Türkmenistany Eýran bilen, Pars aýlagynyň sebitindäki ýurtlar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan goşmaça ugurlary döreder we üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny artdyrar hem-de ulag çykdajylaryny azaldar, syýahat etmek üçin wagt tygşytlar we ykdysady ösüşe ýardam berer diýlip garaşylýar.
Şeýle hem häzirki wagtda Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Bu geçelge Owganystany Türkmenistan, Azerbeýjan, Gruziýa arkaly Türkiýä birleşdirýän geçelgedir. Söwda päsgelçilikleriniň pes bolmagy, çykdajylaryň azalmagy, özara ylalaşyklar arkaly serhetýaka dolandyryş amallaryny kämilleşdirmek, söwda we üstaşyr geçelgeler boyunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek taslamanyň esasy maksatlarydyr.
Bazar gatnaşyklarynyň ösýän döwründe ulag infrastruktura taslamalarynyň ösdürilmegi söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberini artdyrýar. Täze ulag ýollarynyň emele gelmegi we logistikanyň ösmegi söwdada sarp edilýän harajatlaryň möçberini azaldýar. Şeýle hem ýerli çig mallar arkaly öndürilýän harytlaryň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagyny ýeňilleşdirýär. Innowasion infrastrukturanyň emele gelmegi sanly hyzmatlaryň we elektron söwdanyň ösmegine mümkinçilik berýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejede ösdürilmegi ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyklary netijeli ýola goýmakda esasy mehanizm bolup durýar.
Häzirki wagtda logistikany ösdürmeklige uly üns berilýär. Şonuň netijesinde bolsa ýurtlaryň arasynda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň özara garaşlylygyny azaltmaga we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi halkara guramalar bilen gatnaşyklary kämilleşdirmekde aýratyn uly orna eýedir. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitdäki ýurtlaryň ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde uly ähmiýete eýedir. “Bir guşak-bir ýol” taslamasy logistiki we ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýumlary öz içine alýar.
Ulag geçelgesiniň amatly geografiki çatrygynda ýerleşen Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, häzirki wagtda onuň söwda ýoluny dikeltmek üçin köp tagallalar edýär.
Sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýulýan ulag infrastruturasy diňe bir ykdysady taýdan ähmiýetli bolman eýsem ol ekologiýa taýdan hem amatlydyr. Halkara derejesinde ýola goýulýan bu taslamalar howanyň hapalanmagynyň derejesini azaldýan ekologiýa taýdan arassa ulag tehnologiýalaryna esaslanýar. Şol bir wagtda bu ulgama sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ulag hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Geljekde ulag infrastrukturasynyň has-da ösdürilmegi ýurdumyzy halkara söwda we logistika merkezine öwürmäge hem-de milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly ýardam berer.
 
 
 
Bekgylyç Agaýew,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm