2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarsynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyp ýaşlary taýýarlan dürli çykyşlaryny görkezdiler.
Dabaranyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň dürli daşary ýurt dillerinde Täze ýyl gutlaglaryny beýan etmekleri we daşary ýurt aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri diýseň täsirli boldy. Şeýle hem akademiýanyň aýdymçylar we tansçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli tanslarymyzyň, aýdymlarymyzyň birnäçesi gökezildi.
Dabara gatnaşyjylar Täze ýyl baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly watanymyzda toýlarymyzyň-toýa ulaşmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Röwşen Şyhberdiýew
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk
ugrynyň 2-nji ýyl talyby