«AHALTEKE ATLARY ̶ PARAHATÇYLYGYŇ ILÇILERI» ATLY ZEHIN TELEBÄSLEŞIGINIŇ I SAÝLAMA TAPGYRY GEÇIRILDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen behişdi ahalteke bedewleriň mekany bolan mukaddes türkmen topragynda ýaşlaryň ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyny we söýgüsini artdyrmak, has zehinli hem-de yhlasly mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp (11-12-nji synplar) okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary ̶ parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşiginiň I saýlama tapgyry geçirildi. Zehin telebäsleşigine orta mekdeplerden gatnaşmaga isleg bildiren Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan gatnaşyjy mekdep okuwçylary göniwideoragatnaşyk arkaly test sowallaryna jogap bermek arkaly işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň saýlama tapgyrynda üstünlikli test sowallaryna mynasyp bolan mekdep okuwçylary telebäsleşigiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşyjy mekdep okuwçylary halkymyzy asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşadýan, türkmen halkynyň milli buýsanjy we guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýän, milli atçylyk sungatyny täze taryhy eýýamda dünýä nusgalyk derejede ösdürýän hem-de ýaş nesillere ylym-bilim almagyň iň kämil şertlerini döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Söýenç AHMEDOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy,
akademiýanyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy