YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI “YLYM BAGTYÝAR ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ajaýyp sepgitlere beslenýär. Ylym we bilim her bir döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden dabaralandyrylýar. 2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleriniň, Arkadag şäherinde ýerleşýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň hem-de akademiýamyzyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Ylym bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler: ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Soňra bolsa, ylmy-amaly maslahat “Ylymda sanly tehnologiýalar” we “Atçylyk pudagyny ylmy esasda öwrenmek” atly iki sany bölümçede dowam etdi.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň ylym bölüminiň
hünärmeni Daýanç Myradow