«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY MIZEMEZ MUKADDESLIKDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilişiniň, ynsanperwerlik ýörelgesiniň, Döwlet baýdagynyň mukaddesliginiň, milli kanunçylykda ýaşlaryň hukuk goraglylygynyň, ýurdumyzda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmeginiň ähmiýeti we täsiri barada hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda bir günde bellenilmeginiň çuň manysynyň bardygyny, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygyny bellediler.
Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip birinji bölümçesi «Türkmenistanyň Konstitusiýa we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milli buýsanjymyzdyr», ikinji bölümçesi “Ylym – beýik üstünliklerimiziň, nurana geljegimiziň binýady” diýip atlandyryldy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli ähli başlangyçlarynda hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Daýanç Myradow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň ylym bölüminiň hünärmeni