«MERDANA PEDERLERIMIZIŇ  GAHRYMANÇYLYGY MUKADDESDIR»  ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

«MERDANA PEDERLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYGY MUKADDESDIR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-nji ýylyň 5-nji maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Merdana pederlerimiziň gahrymançylygy mukaddesdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler “Beýik ýeňşiň gazanylmagy taryhy nukdaýnazardan, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli gahrymançylyk, mertlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çekenleriň merdanalygy Watana, halka gulluk etmegiň hakyky nusgasydyr. Olaryň edermenligi ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan bu gün dünýäde dostlugyň we ynanyşmagyň merkezine öwrüldi” diýip bellediler.
Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip birinji bölümçesi «Ýeňiş güni biziň buýsanjymyz we guwanjymyz», ikinji bölümçesi “Ylym – nurana geljege ak ýol” diýip atlandyryldy.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli ähli başlangyçlarynda hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
 
 
Daýanç Myradow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň ylym bölüminiň hünärmeni
Back