Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň halkara abraýy ýylsaýyn ýokarlanýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2026-njy ýylyň 15–19-njy fewraly aralygynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran taryhy saparyny görkezmek bolar. Şu ýokary derejeli wekiliýetiň düzüminde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektorynyň Wellington şäherine gulluk iş saparyna iberilmegi, döwletimiz tarapyndan atçylyk ylmyna we sportuna goýulýan uly ynamyň hem-de aýratyn ünsüň nyşanydyr. Saparyň dowamynda wekiliýet dünýä belli “Wellington International” atçylyk toplumynyň işi bilen ýakyndan tanyşmagy merkeziň dünýä derejesindäki ýaryşlary guramakda, sport bäsleşiklerini dolandyrmakda hem-de meýdançalary halkara ölçeglerine laýyk taýýarlamakda öňdebaryjy tejribesi öwrenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda öwrenilen bu innowasion tejribeler we döwrebap tehnologiýalar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw-ylmy işlerini täze derejä çykarmaga, talyplaryň nazary we amaly taýýarlygyny kämilleşdirmäge hem-de ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ylmy-amaly binýadyny berkitmäge uly itergi berer.
Halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga atçylyk sungatyny we ylmyny dünýä derejesinde ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürelriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.
Söýenç AHMEDOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy