2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar-kuwwatly Watan» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler altyn güýzüň ilkinji güninde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününi Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini dabaralandyrýan, döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar bilen garşy alynýandygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda ýaşlaryň hemişe kämillige ymtylmalydygyny, çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedigini, ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdigini, kämillik — ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydygy, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, döredijilik boýunça çäreleriň ýaşlaryň kämilleşmeginde ähmiýetiniň diýseň uludygy dogrysynda çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip birinji bölüm «Bilim-geljegiň binýady» diýip atlandyryldy we çykyşlarda ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda bellenildi. Ikinji bölüm «Ylym – bilim ösüşleriň açary» diýip atlandyryldy we bu bölümde çykyş edenler ylym-bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolup durýandygy, ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigi hakynda bellediler. Maslahata gatnaşyjylar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirip, ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Ata Watanymyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň ylym bölüminiň hünärmeni
Myradow Daýanç