«GÖWÜN AT ÜSTÜNDE GANAT BAGLADY»

«GÖWÜN AT ÜSTÜNDE GANAT BAGLADY»

40
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz özüniň okgunly ösüşi bilen öňe barýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýik ösüşlere beslenýän günlerinde 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” maňada üstünlikler gazanmak bagty miýýeser etdi. 2024-2025-nji okuw ýylynda  mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama bäsleşiginde Arkadag şäher tapgyrynda I oruna mynasyp bolup, orta mekdebi üstünlikli tamamlamak miýýeser etdi.
Men çagalykdan başlap atçylyk bilen içgin gyzyklanyp, bu täsin sungatyň inçe tilsimlerini ylmy esasda öwrenmäge hem höwes edýärdim. “Ata kesbi-ogla halal” diýlişi ýaly, atçylyk hünärni dowam etdirmek islegim, atlara bolan söýgim, yhlasym meni Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna alyp geldi. Behişdi ahalteke bedewlerimiziň taryhy we asyl mekanynda Arkadag şäherinde bina edilen, bilim ojagynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Atçylyk” hünäriniň talyby bolmaklygyň, bu ýokary okuw mekdebinde okamaklygyň nähili uly bagtdygyny uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Çünki ýokary okuw mekdebine öz ömrüni atşynaslyga bagyşlan Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy gadymy döwürlerden bäri il içinde sarpalanýan hünär bolan atçylyga ykbalyny baglan adamlara goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr. Men hem bu asylly käriň eýesi bolmak bagtyna eýe bolanlygyma buýsanjymyň, begenjimiň çägi ýok. Ynha nesip bolsa biz hem türkmen bedewleriniň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmekde, at çapyşyklarda, atçylyk sportuny has-da ösdürmekde, atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenler bolup ata watanymyza mynasyp goşandymyzy goşýan ýaşlaryň biri bolarys diýip ynandyrýaryn.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys.  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny döwletli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
 
 
Kerwen Orazgeldiýew
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm