«Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni»
atly halkara internet olimpiadasyna
HOŞ GELDIŇIZ!
Olimpiadany geçirmegiň maksady:
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly halkara internet olimpiadasynyň geçirilmeginiň esasy maksady ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini has-da giňeltmekden, olara dünýäde parahatçylygy we birek-birege bolan ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekden şeýle-de, onuň ykdysady ösüşdäki möhüm ornuny görkezmekden, netijede ýaşlaryň döredijilikli, ykdysady taýdan pikirlenmek ukyplaryny has-da ösdürmekden ybaratdyr.
Olimpiadanyň wezipeleri:
- häzirki zaman bilim, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ykdysady meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
- zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly ukyp başarnyklarynyň ösmegine oňyn şertleri döretmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.
Halkara internet olimpiadasynyň geçirilişi barada Gözükdiriji
-
olimpiada gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ihba.edu.tm salgysy arkaly bellige (registrasiýa) alynmaly;
-
Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara bir gezek ulanmaga niýetlenen ulanyjynyň ady (login) we parol olimpiada geçirilýän güni gatnaşyjynyň hasaba alnan elektron salgysyna ugradylýar;
-
olimpiadanyň test soraglary 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda akademiýanyň resmi salgysynda açylar;
-
kompýuterler we web-kameralar Internet toruna birikdirilen bolmaly;
-
internet olimpiada wagtynda wideoaragatnaşyk Zoom programma üpjünçiligi arkaly amala aşyrylar. Wideoaragatnaşyga birikmek üçin ssylka ulanyja login we parol bilen bilelikde ugradylar;
-
internet olimpiada gatnaşyjylar ýany bilen diňe degişli esbaplaryny, ýagny ruçka we kagyz alyp bilerler;
-
şol bir ýokary okuw mekdebiniň talyplary birmeňzeş netije görkezen (dogry we nädogry jogaplary deň gelen) ýagdaýynda düzgün bozulma hasap ediler we talyplaryň işleri bahalandyrylmaýar;
-
olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli. Goşmaça saýtlardan maglumatlar peýdalanylanda berlen jogaplar kabul edilmez;
-
halkara internet olimpiadasy geçirilýän döwründe talyplara gürleşmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär;
-
olimpiada gatnaşyjylar ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň Guramaçylyk toparyna ýüzlenip bilerler;
-
olimpiadanyň ýumuşlary Makroykdysadyýet, Dünýä ykdysadyýeti we Halkara ykdysady gatnaşyklar dersleri boýunça test görnüşinde berler.
-
ýokarda görkezilen düzgünleri bozan gatnaşyjynyň halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +993-64-14-08-87; +993-65-92-39-93.
Elektron salgymyz: ihba.olimp@gmail.com
Guramaçylyk topary