TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ ŞAN-ŞÖHRATYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAN DOSTLUKLY DUŞUŞYK
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda möhüm we ýakymly waka — Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary boýunça Emirlikler (EAHS) jemgyýetiniň Baş direktory Mohamed Ahmed Musleh Al Harbiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen halkynyň gadymy we müdimi gymmatlyklarynyň biri bolan behişdi bedewler iki halkyň arasynda dost-doganlygyň, medeni gatnaşyklaryň hem-de özara hormatyň özboluşly köprüsi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, abraýly wekiliýetiň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Saparyň dowamynda myhmanlar akademiýanyň okuw binasy bilen tanyşyp, talyplaryň bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi üçin döredilen mümkinçiliklere syn etdiler. Şeýle-de wekiliýetiň agzalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen laboratoriýada bolup, bu ýerde atçylyk pudagynyň ylmy-amaly ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Myhmanlarda akademiýada guralan sergi hem uly gyzyklanma döretdi. Sergide türkmen halkynyň milli atçylyk medeniýetini, ahalteke bedewleriniň gözelligini we şöhratyny açyp görkezýän gymmatlyklar hem-de atçylyk däplerine degişli maglumatlar giňden beýan edildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen atçylyk mekdebiniň baý taryhy, ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk medeniýetindäki aýratyn orny, şeýle hem häzirki döwürde atçylyk boýunça ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy.
Şeýle duşuşyklar atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak, iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy türkmen atçylyk ylmynyň we biliminiň döwrebap merkezleriniň biri hökmünde bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary boýunça Emirlikler jemgyýetiniň wekiliýetiniň sapary hem özara tejribe alyşmagyň, dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň we atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm ädimleriniň biri boldy.
Türkmen bedewiniň şöhraty asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, häzirki döwürde dünýä ýaýylýar. Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny halkara derejesinde dabaralandyrmakda şeýle dostlukly duşuşyklaryň we medeni-ylmy gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Gülälek GELDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy