Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binýady berkden tutulan ýurdumyzda asyrlara barabar işler alynyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudagy ylmy esasda ösdürilýär. Pudagy ylmy esasda ösdürmeklikde hem ýurdumyzyň ýaşlaryna aýratyn orun berilýändigini Arkadagly Gahryman Serdarymyz uly buýsanç bilen belleýär. Ýurdumyzyň ýaşlary geljekde, ylymly – bilimli, döwrüň täze innowasion enjamlaryndan kämil baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly, mert, watançy, kämil ahlakly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň Tebigy ylmy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda 2-3-nji dekabrda biologiýa we himiýa dersleri boýunça “Açyk internet olimpiadasy” geçirildi. Bu geçirilen bäsleşigiň esasy maksady Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, ylymly – bilimli, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşik düzgünnama esasynda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan okuwçylaryň gatnaşmagynda ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige gatnaşan ýaş nesiller okamaga, öwrenmäge, bilimler dünýäsine has-da içgin aralaşmaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň egsilmez alkyş sözlerini aýtdylar.
Çaryýew Söhbet, Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy