«SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE» ATLY HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHAT

«SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE» ATLY HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHAT

31
2024-nji ýylyň 9-12-nji oktýabr aralygynda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň hem ençemesi gatnaşdy. Bu halkara sergide türkmen lukmançylygynda, bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köp sanlysy ýaýbaňlandyryldy.
Şol bir wagtda  ýurdymyzda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler hem giňden şöhlelendirildi. Bu halkara sergä Arkadag şäheriniň, şol bir sanda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen birnäçe bölümçelerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadygymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Bu halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini üpjün etmekde täze mümkinçilikleriň meýdanyna öwrüldi. Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
 
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy,
akademiýanyň Ilkinji ýaşlar
Guramasynyň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm