Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köp asyrlyk däpleriniň täzeçil dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar.
2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ekologiýa abadançylygy-ýagty geljege binýat» atly ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça taslama bäsleşigi geçirildi. Taslama bäsleşigine gatnaşyjylar ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerini görkezýän sergi esasynda özleriniň hödürleýän işiniň wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeçilligi, gymmatlylygy, taýýarlanylyşy, beýan edilişi, ony durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçilikleri dogrusynda bäsleşdiler.
Bäsleşikde 1-nji orna Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň okuwçylary, 2-nji orna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylary, 3-nji orna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldylar. Ýeňijilere Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adyndan Diplomlar we Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar ýaşlara döredijilik ukyp-başarnygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýtdylar.
Kakageldi Çaryberdiýew
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy