Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi halkymyzyň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer, asylly ýörelgeleriniň Ýer ýüzünde dabaralanýandygyny äşgär edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygy, asudalygy pugtalandyrmakdaky durmuşa geçirilýän belent maksatly işleriň barha rowaçlanýandygyny tassyklaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi bolsa ýurdumyzyň Bitaraplygyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar.
Şunuň bilen baglylykda Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak, talyp ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, zehinli hem-de ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Bitaraplyk synmaz ýoly türkmeniň» atly makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Beghanowa Aýnabat,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby