«BIR BELENT YKBAL SEN, ILLERE BEDEW» ATLY INTELLEKTUAL ZEHIN BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR
Gahryman Arkadagymyzyň behişdi ahalteke bedewlerimize bagyşlap ýazan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary biziň ýol-ýörelgämiz, ähli üstünliklerimiziň badalgasydyr, ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, milli gymmatlyklara sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde deňsiz taýsyz gymmatly hazynadyr.
Şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli mirasyna sarpa goýmak, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek hem-de ata-babalarymyzdan miras galan atşynaslyk we seýisçilik sungatymyzy öwretmeklik ýaşlarymyzyň gözýetiminiň giňelmeginde örän uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlap ýazan kitaplarynda beýan edilýän maglumatlara esaslanyp «Bir belent ykbal sen, illere bedew» atly intellektual zehin bäsleşigini geçirýär.