“TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY: DOST-DOGANLYGYŇ NYŞANY”

“TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY: DOST-DOGANLYGYŇ NYŞANY”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri rowaçlyklara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan döwletmiz bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar öz gözbaşyny köpýyllyk taryhdan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine hormatly Prezidentimiziň adyndan 2024-nji ýylda doglan “Gadyrly” atly ahalteke bedewini sowgat hökmünde gowşurmagy türkmen halkynyň gadymy ýol-ýörelgesiniň dowamaty hökmünde ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäklerindäki çykyşynda ahalteke bedewleriniň asyl we gadymy mekanynda bina bolan Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, atşynaslar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigini, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp, ýokary okuw mekdebinde birnäçe fakultetleriň hereket edip, bu ýerde bilim almak isleýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny nygtamagy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlaryny we talyplaryny buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde ýokary okuw mekdebimizde atçylyk ugryndan halkara derejeli ýokary bilimli hünärmenleriň kemala gelmegi, atçylygy halkara derejesinde ösdürmekde alnyp barylýan işlere aýdyň subutnamadyr. Saparyň wekilýetiniň düzüminde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, Türkmenistanyň halk atşynasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Pygy Baýramdurdyýewiň hem bolmagy we dostlukly ýurdyň atçylyk düzümleriniň jogapkär wekilleri bilen geçirilen duşuşyklara gatnaşmagy ýokary okuw mekdebiziň halkara hyzamtdaşlygyna has-da giň ýol açýar.
Türkmen halkynyň uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
 
Nowruzälem Gurdow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy
Back