2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk – halkyň beýik ykbaly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna uly ösüşler bilen barýan eziz Diýarymyzyň halkara derejede abraý-mertebesiniň barha arşa galýandygy, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim pudagynyň, şeýle-hem atçylyk pudagynyň ylmy esasda öwrenilip, düýpli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara gatnaşyklarynda özüniň Garaşsyzlyk we oňyn Bitaraplyk ýagdaýyna esaslanýan ýurdumyz häzirki döwürde öz ösüşiniň täze belentliklerine çykýar, Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary ileri tutýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär diýip belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip birinji bölüm «Garaşsyzlyk şuglasy» diýip atlandyryldy we çykyşlarda goňşy döwletler bilen netijeli we dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly, özara ynanyşmak dialogynyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi aýratyn nygtalyp geçildi. Ikinji bölüm «Ylym – bilim ösüşleriň açary» diýip atlandyryldy we bu bölümde çykyş edenler ylym-bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolup durýandygy, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigi hakynda bellediler. Maslahata gatnaşyjylar bagtly-bagtyýar durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge we medeniýetli dynç almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny mynasyp beýik işler bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli ähli başlangyçlarynda hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Daýanç Myradow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň ylym bölüminiň hünärmeni