Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Arkadag şäheriniň gözelligiň nyşanyna öwrülen ajaýyp keşbi halkymyzyň göz-guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Ynha bu ajaýyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyp ýeňiji bolup Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna altyn zynjyryna mynasyp boldum. Kalbymda beslän iň uly arzuwlarymyň ýene-de biri hasyl boldy.
Biz ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geljekde hem milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşjakdygymyza ynandyrýarys.
Biz ýaşlaryň ylymly-bilimli, atçylyk pudagyna ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli babatda nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Gurbangözel Gurbanmyradowa
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Atçylygyň weterinariýasy
fakultetiniň talyby, «Ýaňlan, Diýarym! – 2025»
telebäsleşiginiň ýeňijisi