YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI  «YLYM ÖSÜŞIŇ KUWWATLY GÜÝJI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI «YLYM ÖSÜŞIŇ KUWWATLY GÜÝJI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

78
          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynyň” her bir güni şanly wakalara, ajaýyp sepgitlere beslenýär. Ylym we bilim her bir döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden dabaralandyrylýar. 2025-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleriniň, Arkadag şäherinde ýerleşýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň hem-de akademiýamyzyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Ylym ösüşiň kuwwatly güýji” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler: Türkmenlerde “Ylymly il ozar, ylymsyz il tozar” ýa-da “Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli — müňini” “Bir okana bar, bir-de dokana”, “Hünärli ýigit miweli agaç” diýen pähim-parasatly sözleriň aňyrsynda halkyň ykbaly ýatandygyny belläp geçdiler. Soňra bolsa, ylmy-amaly maslahat “Ylym ösüşleriň özeni” we “Ylym – bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi” atly 2 sany bölümçede dowam etdi.
          Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman, Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.
 
Daýanç Myradow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň ylym bölüminiň
hünärmeni
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm