ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

34
Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň  hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýada tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.
 
 
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Arkadag şäheri – ýaşlygyň we gözelligiň şäheri» atly surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde ýaş suratkeşler Arkadag şäheriniň ajaýyp gözelligini, Arkadag şäheriniň nyşany bolan behişdi ahalteke bedewlerimizi, akylly şäheriň bagtyýar çagalaryň mekanydygyny şekillendiriş sungatynda  şöhlelendirdiler. Döredijilik bäsleşiginde I orna Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kerimow Eziz, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy  Şamuhammedowa Hatyja, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 8-nji synp  okuwçysy Ataýew Aşyr mynasyp boldylar. Şeýle hem döredijilik bäsleşiginde II orny Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçylary Agamyradow Gurbanmyrat, Nazarmyradow Geldimyrat hem-de III orny bolsa Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 7-nji synp okuwçysy Berdiklyçewa Medine, şol mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Berdiýewa Aýşat, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Mämmedow Didar, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Ahallyýewa Ogulşat, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Aliýewa Samira eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adyndan diplomlar hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti  tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
 
 
Bäsleşige gatnaşan ýaşajyk suratkeşler özleriniň döredijilik ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
 
Azymberdi Garryýew,
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
mugallymy, ilkinji Agrar partiýa
guramasynyň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm