AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGYRLARYNY WIDEOŞEKILLER ARKALY SURATLANDYRMAK BOÝUNÇA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGYRLARYNY WIDEOŞEKILLER ARKALY SURATLANDYRMAK BOÝUNÇA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

105
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary»  atly kitabyndan ugur alnyp Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly akyldar şahyryň şygyrlaryny wideoşekiller arkaly suratlandyrmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda I orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Baýramow Begenç, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Japarow Japarberdi hem-de bäsleşikde II orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gurbanow Jelaletdin, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby Meredow Annamuhammet, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 3-nji ýyl talyby Ödäýew Guwanç, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby Küräýewa Dürli mynasyp boldylar. Şeýle hem döredijilik bäsleşiginde III orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmämmedow Nurmämmet, Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Şyhyýewa Aýnur, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Azizow Maksat, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Şyhberdiýew Röwşen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby Öwezgeldiýewa Ogulnäz,   Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby Baýramow Myrat mynasyp boldylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge, ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmaga, zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
 
Kakageldi Çaryberdiýew
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
mugallymy, Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm