«NUSAÝ ATÇYLYGY WE DÜNÝÄ SEÝISÇILIK SUNGATY» ATLY BREÝN-RING ZEHIN BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

«NUSAÝ ATÇYLYGY WE DÜNÝÄ SEÝISÇILIK SUNGATY» ATLY BREÝN-RING ZEHIN BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

167
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 18-nji martynda gözelligiň nusgasy bolan ajaýyp Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Nusaý atçylygy we dünýä seýisçilik sungaty” atly Breýn-ring zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.
 
 
Bäsleşikde esasan behişdi bedewlerimize, dünýä atçylyk we seýisçilik sungatyna degişli soraglar bolup, ol bäsleşigiň çekeleşikli ýagdaýda geçmegine uly täsir etdi. Bu günki geçirilen bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, onuň 1-nji tapgyrynda toparlar öz garşydaşlaryny bije çekmek arkaly saýladylar. Şonuň netijesinde birinji duşuşykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplaryndan düzülen topar bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar öz aralarynda bäsleşdiler. Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen topar bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar özaralarynda bäsleşdiler. Dartgynly, çekeleşikli we ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen breýn-ring zehin bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplar topary we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplar topary duşuşdylar.
 
 
Jemleýji duşuşygyň netijesinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplaryndan düzülen topar özleriniň zehinliligi bilen has-da tapawutlanyp, şü günki bäsleşigiň baýrakly I ornuna mynasyp boldular. Baýrakly II orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen topar mynasyp boldular. Bäsleşikde üstün çykyp, netijeli çykyş eden ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlar ýörite baýraklar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň ýörite baýraklary bilen sylaglandylar.
 
 
Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplaryň ýüzlerinde şatlyk duýgusy has-da goşalandy. Olar özleri barada döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
 
 
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy Agaýew Bekgylyç
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm