Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde şol sanda Arkadag şäherinde hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden dabaraly ýagdaýda toýlanýar.

2025-nji ýylyň 17-nji martynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Nowruz geldi Galkynyşly Diýara” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Köpetdagyň dag eteginde geçirilen dabarada Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymlar, läleler, monjuk atdylar, küşdepdiler we ýurdumyzda tanymal bagşy zenanlaryň ýerine ýetirmeginde aýdymlar we beýleki ençeme çykyşlar ýerine ýetirildi.

Il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler hem baýramçylyk dabarasyna öz boluşly aýratynlyk goşdy. Mährem enelerimiz, talyp gyzlara milli el işleriň ýerine ýetirilişine degişli gymmatly maslahatlary berdiler.

Baýramçylygyň geçirilen ýeriniň milli ruhda bezelmegi türkmeniň ak öýleriniň dikilmegi, türkmeniň kalbyndan dörän halysynyň, türkmen gelin-gyzlarynyň toý lybaslarynyň, milli şaý-sepleriniň sergilenmegi, talyp gyzlaryň keşde çekmek, haly dokamak işlerini edýän pursatlarynyň sazlaşykly ýerine ýetirilmegi ajaýyp döwrümizde milliligimiziň dabaralanýandygyny görkezdi.
Köpetdagyň ajaýyp jana şypaly howasy, ýaz paslynyň mylaýymlygy, owadanlygy bilen utgaşyp dabara gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli baýramlarymyzy giňden bellemäge we wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen mähirli gutladylar.
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
mugallymy, Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar Guramasynyň başlygy