Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp alyp barýan döwletli işleri netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, atçylyk pudagy hem täze ösüşlere, beýik özgertmelere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň halypa şägirtlik ýoly bilen peder ýoluny mynasyp alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem milliligimizi, medeni mirasymyzy, ata-babalarymyzdan gaýdýan asylly däpleri dünýä ýaýmak maksady bilen beýik işleri durmuşa geçirýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak, milli atçylyk we seýisçilik sungatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmek boýunça Aba Anaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda meýilnamalaýyn işler yzgiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halypa seýisleri, atşynaslary, belli alymlar we taryhçylar bilen döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak, milli atçylyk we seýisçilik sungatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz maksady bilen ýurdumyzda belli mirasgär Nurnazar Jumanazarowyň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Turuwbaşdan halypa mirasgäriň türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, däp-dessurlarymyz hakynda täsirli maglumatlary duşuşuga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ahalteke bedewlerimiziň ata-babalarymyz bilen geçen gahrymançylykly ýoly, ahalteke bedewlerimiň eýer-esbaplary we bezeg şaý-sepleri, milli seýisçilik sungatymyz hakynda ylmy maglumatlar duşuşygyň esasy bölegine öwrüldi. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjy mugallymlar we talyp ýaşlar mirasgär Nurnazar aga bilen atçylyk sungatyna degişli özlerinde gyzyklandyrýan soraglar boýunça söhbet etdiler. Döredijilik duşuşygynyň çäklerinde akademiýanyň ýapyk manežina, kitaphana we muzeý binasyna gurnalan gezelenç hem-de Ahalteke bedewlerimiz bilen halypa mirsgär Nurnazar Jumanarowda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Döredijilik duşuşugynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy, milli atçylyk sungatymyzy öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Nowruzälem Gurdow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy