2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýylyň-ýylyna guralýan “Talyp gözeli — 2025”atly gözellik bäsleşiginiň akademiýa tapgyry geçirildi. Oňa fakultet tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyp gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp gyzlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly çykyş etdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertine görä, talyp gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek arkaly bäsleşdiler. Gözellik bäsleşiginiň üçünji şerti “Hünärim bar — hormatym bar” diýlip atlandyrylyp, talyp gözeller bäsleşigiň bu şertinde özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler. Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gunça Uzakbaýewa «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşiginiň akademiýa tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Gunça Orazberdiýewa
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby