2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda altyn we ýörite baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen “Dünýä halklaryny dosty-ýar eden // Bir belent ykbal sen illere, bedew!” atly dabaraly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini, ahalteke bedewlerimiz bilen baglanyşykly amaly-haşam sungat eserlerini synladylar we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryhy we Magtymguly muzeýlerinde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Dabaraly duşuşykda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, gazanan üstünlikleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň bardygyny döredilen şeýle uly mümkinçilikleriň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň has-da kämilleşmegine itergi berýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaplary boýunça edebi-sazly kompozisiýa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan aýdymlar ýerine ýetirildi.

Dabaraly duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar medeni baýlyklarymyzy dünýä içre dabaralandyryp, halkymyzyň, ýurdumyzyň abraýyny barha belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar ýatdylar. Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Daýanç Reýimow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy