«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hemişelik Bitaraplygymyzyň syýasy we taryhy ähmiýetini wagyz etmek şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünliginiň ähmiýetini dabaralandyrmak boýunça Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda meýilnamalaýyn esasda işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň halk mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Atajan Burunowyň we akademiýanyň mugallymy Daýanç Reýimowyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik gepleşigi geçirildi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň studiosynda taýýarlanylan gepleşikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaş nesliň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ylma, döredijilige höwesini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada bellenildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monaka Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň gatnaşyp, Altyn baýraga we beýleki baýraklara mynasyp bolandyklary, bu gazanylan üstünligiň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä derejesine çykarmakda, behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmekde ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy, akademiýanyň
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy