Türkmeniň toýy—milliligiň maýasy. Aba Annaýew köçesindäki köşk ýaly binanyň öňünde saklanan jigitlerimiz däp-dessura eýerilip garşylandy. Beýik üstünlik gazanyp, türkmen tuguny belentde parladyp, Monako Knýazlygyndan gelen ýaşlarymyzy enelerimizdir atalarymyz guwana-guwana garşy aldylar.

Şanly wakanyň şanyna depleriň gümmürdisi türkmeniň toýunyň tutumlydygynyň ýaňy bolup, Märkaw dagyndan uzaklara ýaň saldy.
Dabara dabaralar bilen dowam etdi. Sirkiň 1500 tomaşaçyly zalynda döwlet derejesinde ýeňiş toýlanýardy. Jigitler öz manežinde has-da buýsanjaň görünýär. Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýanyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky Gutlagynyň ýetirilmegi, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly bu topara Gutlag bilen ýüzlenmegi jigitlerimizi ýeneki ýeňişlere galkyndyrdy. Taýsyz üstünlik bilen taryha giren topara Milli Liderimiziň adyndan 17 müň ýewro, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgatlarynyň gowşurylmagy ýeňijileriň başlaryny gök diretdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Galkynyşyň» seýsi - topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy ýurdumyzda ýaşlaryň üstünliklerine ýokary derejede sarpa goýulýandygyny alamatlandyrdy. Ýaş ussatlar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan hem sylaglanyldy. Zalda «Gutly bolsun, «Galkynyş!» diýip, gutlag sözleri aýdyldy.

Sirk tomaşasy hemişe hezillik. Şadyýan-şowhunly çykyşlar. Täsin-täsirli pursatlar. Dabaraly sazlaryň astynda at üstündäki oýunlar. Haçan-da, Arkadag şäherine daşary ýurtlardan myhman gelende hem Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «Galkynyşyň» çykyşyna tomaşa edýärler. «Galkynyş» edil ady ýaly tomaşaçylara galkynyş paýlaýar. Dünýäniň meşhur artistleri hem atlarymyzy, jigitlerimiziň at üstündäki oýunlaryny synlap, «Aperin!» diýip baş egýärler. Ahalteke bedewleriniň türkmeniň uçar ganatydygyna göz ýetirýärler. Bu dabarada, hususanda, Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda sirk sungatynyň naýbaşy Altyn baýragyny we beýleki ýörite baýraklaryny eýelän meşhur toparyň çykyşyna tomaşa etmek has-da tolgundyryjy.

Toýuň täsiri tutumynda. Türkmeniň toýy uludan. «Galkynyş» Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly şatlygy döreden bolsa, bu çäräniň diňe özi hem şol pursatdaky ýaly janköýerlere aýratyn waka bagyşlady. Arkadagyň «Galkynyşly» toýy gül göwünleri galkyndyrdy! Toý tamamlansa-da, onuň täsiri tutuş ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, hemişe ýatda galar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÝOLY — ÝEŇIŞLERIŇ ÝOLY!
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belent arzuw-maksatly sözi-milletimiziň şygary: «BEDEW BADY BILEN, ÖŇE, ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!». Goý, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz hemişe ýeňişler ýurdy bolsun! Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanylan ýeňiş ýeneki ýeňişlere, mertebeli menzillere atarsyn! Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şöhratly ýoly dowamat-dowam bolsun!
Guwanç Mämiýew. «Arkadag gazeti».