2024-nji ýylyň netijelerine görä, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi bolan «UI GreenMetric» sanawyna ilkinji gezek girmegi başardy. Bu abraýly reýtinge dünýäniň 95 döwletinden jemi 1477 sany ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndan 11 ýokary okuw jaýy bu reýtingde gatnaşyp, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dünýä reýtingde 592-nji orny, Türkmenistan boýunça bolsa 3-nji orny eýelemegi başardy.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy alty görkeziji, ýagny uniwersitet düzümleri we onuň ekologiýa täsiri, energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri, galyndylary gaýtadan işlemek, ekologiýa babatda bilim bermek we bu ugurda ylmy barlaglar, suwdan rejeli peýdalanmak, ulag syýasaty ýaly ugurlar boýunça ýokary netijeleri görkezdi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ilkinji gezek bu görkezijä girendigini we öňdäki orunlara mynasyp bolandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Bu ugurda sebitde ilkinji akylly, ekologiýa taýdan arassa şäher Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ekologiýa, daşky gurşawy goramak, bu ugurda ylmy we bilimi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ýaşyl tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we tebigatdan rejeli peýdalanmak boýunça işler alnyp barylyp ýörite ylmy-taslama bäsleşikleri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem Arkadag şäheriniň çäginde bag nahallarynyň oturdylmagy ekologiýa abadançylygyna uly goşant goşýar. Biz hem şu purstadan peýdalanyp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürýän, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Batyr BAÝLIÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi.
akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi.