2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, mizemez jebisligiň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat 3 bölümde dowam etdi. Ýagny onuň birinji bölümi “Bitaraplyk – asudalyk, parahatçylyk, agzybirlik” ikinji bölümi “Ylym we ýokary tehnologiýalar – durnukly ösüşiň binýady” üçünji bölümi bolsa “Bilim – bagtyň çyragy” diýip atlandyryldy. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan resmi ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwletdigini, öňdengörüjilikli syýasatdygyny we türkmen halkynyň kalbyna laýyk gelýän ýörelgedigini bellediler. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşyjylar Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ýunus Taganow
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby