2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda « Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we iki bölümde geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň birinji bölümi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», ikinji bölümi bolsa «Ähli döwürleriň beýik şahyry» diýip atlandyryldy. Maslahata Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler Akyldar şahyrymyzyň bize miras goýan filosofiki setirleri tükenmez pähim-paýhasyň, öwüt-nesihatyň çeşmesidir. Dana Pyragynyň şygyrlary ynsan kalbyna adalatyň, gujur-gaýratyň, pähim-parasadyň tohumyny sepýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem söýgüli şahyryna öwrüld, diýip belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Akyldar Magtymguly Pyraga beýik sarpa goýýan, onuň at-abraýyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler!
Gunça Orazbediýewa
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk
ugrynyň 2-nji ýyl talyby