Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23-nji sentýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAR GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN” atly professor-mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň we gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň halkara duşuşyklaryň, maslahatlaryň mekanyna öwrülmegi, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, Diýarymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwer, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarly, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp geçdiler.
Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, Türkmenistan okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanaldy. Täze önümçilikler döredildi, olaryň öndürýän önümleri bolsa dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Maslahatda çykyş edenler şanly sene mynasybetli maslahata gatnaşyjylary gutlap, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek we pugtalandyrmak, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa götermek ugrundaky taýsyz tagallalary hakda söz açdylar, halkymyzyň aladasy bilen ýaşaýan döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Geçirilen ylmy-amaly maslahat öz işini soňra bölümçelerde dowam etmek bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan belent üstünlikler hakynda giňişleýin bellenilip geçildi. Mundan başga-da ylym ulgamynda alnyp barylýan giň maksatnamalýyn işler hakynda gürrüň edilmek bilen bir hatarda, geljekde atçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmegiň ýollary hakynda hem bellenildi.
Atanur Klyşow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri