2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy we Türkmen bedewiniň Milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň arasynda «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly I şertinde bäsleşige gatnaşýan talyplar özi bilen tanyşdyryp saýlap alan käriniň wajyplygyny, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlere bolan söýgüsini we hormatyny wasp etdiler. Bäsleşigiň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedewlerimiziň waspy” atly II şertinde bäsleşige gatnaşýan talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryndan bedew atlarymyza degişli dürli taryhy maglumatlary we dürdäne jümleleri ulanmak arkaly goşgy, aýdym, sahna, kompozisiýa usulynda ýerine ýetirdiler. “Çyn bedewler meýdanynda bellidir.” atly III şertinde talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýatdan aýtmak arkaly bäsleşdiler. Bäsleşigiň emin agzalarynyň netijeleri boýunça 1-nji orna Weterinar-sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Guwanç Çaryýew, 2-nji orna Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Röwşen Şyhberdiýew we 3-nji orna Atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Japarberdi Japarow mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar, diplomlar we hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Türkmen ýaşlarynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy