Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Ynsanda, onda-da ýaş nesilde hyjuw, höwes uly bolýar. Şol höwesi öz wagtynda dogry ýola gönükdirmek diňe bir şahsyýetiň özüni däl-de, eýsem, tutuş geljegi ýagty ýola, jemgyýeti kämillige ugrukdyrýar. Şundan ugur alnyp, ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly at berilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolmak bagty nesip etdi. Bu baýraga mynasyp bolmagym ýaşlaryň şäheri bolan, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelen, geljegiň şäheri Arkadag şäherinde has-da döredijilikli zähmet çekmäge, talyp-ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermäge, türkmen halkymyzyň milli gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewlerimizi düýpli ylmy esasda öwrenmäge ruhlandyrýar. Täze zähmet ýeňişlerine, üstünliklere hyjuwlandyrýar. Halkymyzy ýagty geljege alyp barýan, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýaryn. Türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Kakageldi Çaryberdiýew
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
mugallymy, Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy