Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy, irginsiz zähmeti netijesinde ata Watanymyz ähli babatda ösüşlere beslenýär. Bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda halkymyz agzybir, parahat durmuşda ýaşaýar. Pudaklarda sazlaşykly ösüş gazanylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler bilen bir hatarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň has-da şöhratlandyrylmagynyň tutýan orny uludyr. Sebäbi olar sungatyň ýokary derejesine çykan ahalteke bedewleri, nepis halylary şol sanda türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan alabaý itleri türkmen halkynyň taryhda gazanan üstünliklerinden habar bermek bilen bilelikde adamzat üçin şeýle gymmatlyklary kämil derejä ýetiren türkmen halkynyň beýikligini dünýä ýaýýar.
Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyr. Olaryň yzynda wepadar goragçylary – alabaýlary galypdyr. Alabaýlara maşgala howpsuzlygy hem doly ynanylypdyr. Çopan goşlarynda bolsa sürüleri möjekdir tilki, şagal ýaly ýyrtyjy jandarlardan gorapdyr. Şeýlelikde, gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda-da türkmen alabaýlary harby gullukçylaryň wepaly hemrasy bolup durýar. Watany goramakda alabaý itleriniň uly goşandy bar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda hem nygtap geçýär.
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaý itleriniň baýramy geçirilýär. Şol baýramçylygyň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi guralýar. Bu gözellik bäsleşiginiň netijesi boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen medal gowşurylýar. Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany barha artýar.
Geljekde ýurdumyzda maslahatlary, sergileri, türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşiklerini we başga-da birnäçe halkara çäreleri hem-de ylmy işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa bu täsin tohumyň baş sanyny mundan beýläk-de köpeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek, arassa ganlylygyny saklamak, tejribe alyşmak hem-de itşynaslyk babatda netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak babatynda öňde goýan wezipelerini çözmäge itergi berer.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň
2 – ýyl talyby Japarow Japarberdi