2024-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýänligi barada belläp geçdiler. Bilişimiz ýaly ýaňy ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jildi elimize gowuşdy. Munyň özi türkmen halkyna peşgeş berlen ajaýyp sowagt boldy diýip bellediler.
Bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik işi daşary ýurt dillerine-de terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi. Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabynyň üsti bilen ýurdumyzyň dermanlyk tebigy gorunyň bejerijilik häsiýetlerini, halk lukmançylygynda we ylmy taýdan peýdalanylyşyny açyp görkezýär.
Dabaranyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyplarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Alym, Lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jildiniň halkymyza gowuşmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny hem-de ylmy jemgyýetçiligi tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle ajaýyp kitaplary bilen halkymyzy begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy,
akademiýanyň Ilkinji ýaşlar Guramasynyň başlygy