“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri”  ÝUNESKO-nyň  sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama

“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama

184
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
 
 
Bu dabara ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym Simona Mirela Mikeleskun,  Türkmenistandaky daşary ýurt wekilhanalarynyň ilçileri, Türkmenistandaky halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler, halypa seýisler, ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde, milli we dünýä gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki  at-abraýynyň barha belende galýandygy hakynda bellediler.
 
 
Şeýle hem dabara gatnaşyjylar ahalteke behişdi bedewlerimize dakylýan şaý-sepleri görkezýän, bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk, zergärçilik sungatynyň sergisine tomaşa etdiler. Dabara gatnaşyjylar milliliklerimizi, medeni mirasymyzy aýawly saklamaga, behişdi bedewlerimizi halkara derejesinde dabaralandyrmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.   
 
Ýoldaşow Guwanç
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm