2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş we onuň wekiliýeti “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgenleriniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň bilelikde Ahalteke bedewlerine erk etmegiň dürli tilsimlerini ussatlarça ýerine ýetirilişine tomaşa etdiler. Ahalteke bedewleriniň gözelligi hem-de çapyksuwarlaryň ussatlygy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň çar künjeginde geçirilýän abraýly ýaryşlara, bäsleşiklere we halkara sirk festiwallaryna gatnaşmak bilen, baýrakly orunlara mynasyp bolup, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýandygyny bellemek ýakymlydyr. Munuň özi dünýäde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha ýokary göterilýändigini görkezýär.