2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde Hytaý atçylyk assosiasiýasynyň baş sekretary Yue Gaofeng, Hytaýyň Ningsia Uniwersitetiniň prorektory Jao Saoja we Hytaýyň Pekin uniwersitetiniň mugallymy Žan Mu bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew myhmanlary mähirli mübärekläp, Hytaý atçylyk assosiasiýasynyň baş sekretary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Yue Gaofengi we Hytaýyň Ningsia Uniwersitetiniň prorektory Jao Saojany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal sylaglary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar geljekde iki döwletiň arasynda atçylyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ýerine ýetirýän işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolan Hytaý atçylyk assosiasiýasynyň baş sekretary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Yue Gaofeng we Hytaýyň Ningsia Uniwersitetiniň prorektory Jao Saojan özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, bu berlen uly döwlet sylagynyň iki ýurdyň arasynda medeni we atçylyk pudagyny ösdürmekdäki gatnaşyklarda özleriniň mynasyp goşandyny goşmakda hyjuwly işlemäge borçlandyrdylar.
Duşuşygyň dowamynda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Hytaý atçylyk assosiasiýasynyň arasynda baglanyşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnama çäklerinde arassa ganly Ahalteke atlaryny köpeltmek, olaryň tohumçylyk seçgi işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin Ahalteke atlarynyň genetikasy boýunça bilelikde ylmy barlag işlerini alyp barmak barada teklipler edildi. Şeýle hem, Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalyk uniwersiteti bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň arasynda ylym-bilim ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhmanlar, Hytaýyň Hançjou şäherinde Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmegi we onuň çäklerinde Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny gurnamagy meýilleşdirýändiklerini bellediler.
Duşuşykda Türkmenistan — Hytaý gatnaşyklaryny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy arzuw edildi.