2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynyň talyp ýaşlarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okamak we many-mazmunyny düşündirmek boýunça «Pyragynyň paýhas hazynasy» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşikde talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny sahnalaşdyrmak, çeperçilik bilen ýerine ýetirmek, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň many-mazmunyny açyp görkezmek ugrunda bäsleşdiler. “Pyragynyň paýhas hazynasy” atly bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wasp etmeklige, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmeklige, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmaklyga gönükdirilendir.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda baş baýraga Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Japarow Japarberdi, I orna Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Dowlatowa Ogulbossan, II orna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby Ataýewa Altynaý, III orna Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Şamyradowa Gülçemen mynasyp boldylar. Ýeňijilere Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adyndan diplomlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertebesini, şöhrat-şanyny dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Nowruz Myratdurdyýew
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
mugallymy