Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasy
◈
ÇAKYLYK
◈
Hormatly kärdeşler!
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy sizi 2026-njy ýylyň 24-nji dekabrynda onlaýn görnüşinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar: «Atçylyk pudagynda ylmy-barlaglar we innowasiýalar: halkara tejribe we geljekki ösüş ugurlary».
Maslahatyň esasy ugurlary:
1
Atçylykda genetika, seleksiýa we tohumçylyk işleriniň häzirki zaman ylmy esaslary.
2
Atlaryň saglygyny goramakda, iýmitlendirmekde we atly sportda innowasion çemeleşmeler.
3
Atçylyk pudagynda sanly tehnologiýalar, atçylyk diplomatiýasy we halkara hyzmatdaşlyk.
Tezisler we annotasiýalar üçin talaplar:
- Tezisleriň göwrümi — 1,5 sahypadan köp bolmaly däl; her annotasiýanyň göwrümi — 0,5 sahypa çenli.
- Faýl görnüşi: Word (.doc ýa-da .docx), A4, Times New Roman, 14 pt, setirara aralyk — 1.
- Sahypa gyralary: ýokarky we aşaky — 2 sm, çep — 2,5 sm, sag — 1,5 sm.
- Tezisler maslahatyň iş dilleriniň birinde taýýarlanylýar.
- Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin annotasiýalaryň beýleki iş dillerine terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan üpjün edilýär.
- Tezisler, annotasiýalar we hasaba alyş maglumatlary elektron görnüşde iberilmelidir. Doly çykyş teksti aýratyn faýl görnüşinde goşulýar.
Materiallary kabul etmegiň soňky möhleti:
2026-njy ýylyň 19-njy dekabry.
2026-njy ýylyň 19-njy dekabry.
Elektron poçta:
haa.ylm@gmail.com
Tel.:
+993 12 57-24-97
◈