Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasy hökmünde buýsanç bilen häsiýetlendirmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren bu ajaýyp zamanasynda taryhy jähitden alanyňda, örän gysga döwürde ykdysadyýetimiziň güýçli depginde ösmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň halkara derejede dabaralanmasy ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny täze belentliklere göterdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öziniň taryhy çykyşynda «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir» diýip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň özgerişli zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň taryhy ösüşlere beslenýändigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu dürdäne sözlerinden hem görnüşi ýaly, geçmişimizi, şu günümizi, geljegimizi özünde jemleýän mukaddes Garaşsyzlygymyz at-abraýymyzyň we şan-şöhratymyzyň dünýä dolandygynyň kepilidir.
Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, şolaryň netijesinde hem obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz tanalmaz derejede gözelleşdi, täze-täze obalar, şäherçeler döredi. Häzirki döwürde ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Arkadag şäheri bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýan gudrat boldy. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda yzygiderli ösüş gazanýan döwletleriň hataryna goşuldy.
Tebigy baýlyklara örän baý bolan ýurdumyz bu günki gün ykdysady taýdan hem, syýasy we beýleki ugurlar boýunça-da özboluşly ösüş ýoluna düşen ýurt hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we uly tutumlaryň netijesinde türkmen halky asuda, abadan, eşretli durmuşyň hözirini görip ýaşaýan halkdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösüşlere beslemekde ýurdumyzda durmuşa geçirilen işler bolsa dünýä nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan sport döwleti diýlip ykrar edilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň gazanan iň uly üstünligimizdir» diýen dürdäne jümlesi hem muny aýdyň subut edýär. Eziz Diýarymyzda şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilýär, baş baýramymyz mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Goý, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ýurdy bolan Garaşsyz watanymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn!
Japarow Japarberdi
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Atly sport we atly
syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby