Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda 2024-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda «Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Garaşsyzlyk — erkinligimiz, parahatlygymyz, asudalygymyz, jebisligimizdir. Asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde ösüşiň, özgerişiň, berekediň bolýandygyny milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlar babatda ýeten derejesi açyk-aýdyňlygy bilen subut edýär diýip çykyş edenler belläp, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýandygyny aýtdylar.
Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip birinji bölüm «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan», ikinji bölüm «Bilim, ylym – üstünligiň gözbaşy» diýip atlandyryldy. Maslahata gatnaşyjylar edilýän şeýle uly aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
Berkarar Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarýan, beýik ösüşleriň ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler!
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy