Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur reýtingleriniň sanawynda orunlary yzygiderli eýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar. Şeýle netijeler ähli ulgamlarda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işleriniň üstünliklidigini görkezýär, olaryň kämillige we ösüşe, mümkinçiliklerini giňeltmäge bolan hemişelik ymtylmalaryna şaýatlyk edýär, şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmagy boýunça milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birini çözmäge ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek we dünýä tejribesinden ugur almak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerine goşulmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary 2024-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda, Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS+ maksatnamasynyň çäklerinde, “Ýokary okuw mekdepleri üçin strategiýa: QS we THE halkara reýtinglerinde ýetilen sepgitler/ Üstünligiň açylyşy: QS we THE reýtingleri boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin gözükdiriji” atly halkara okuw seminaryna gatnaşdylar. Seminarda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilim edaralarynyň wekilleri giňden gatnaşyp, halkara reýtingleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Seminaryň esasy maksady, QS we THE reýtingleriniň ýokary okuw mekdepleriniň ösüşine we olaryň halkara derejesindäki abraýyna edýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda täze strategiýalary işläp düzmekdir. Şeýle hem, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýokary okuw mekdeplerindäki durmuşa geçirilmegine degişli meseleler hem giňişleýin gürrüň edildi.
Seminaryň netijeleri, gatnaşyjylara QS we THE ýaly reýtingleriň ulanylyşy, durnukly ösüşiň maksatlarynyň ýerine ýetirilişi we ýokary okuw mekdepleriniň ösüşine ýetirýän täsiri barada giňişleýin maglumat bermek bilen bir hatarda, özara tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin täze mümkinçilikler döretdi. Reýtingleriň ýokary okuw mekdepleriniň hilini we netijeliligini halkara derejesinde ýokarlandyrmak üçin strategiki taýdan ulanylyşy boýunça hem maslahatlar berildi. Bu çäre, ýokary okuw mekdepleriniň hilini ýokarlandyrmakda we talyplaryň akademiki başarnyklaryny gowulandyrmakda gymmatly tejribe boldy.