2024-nji ýylyň 29-njy awgustynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar-döwrümiziň geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler altyn güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününi Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini dabaralandyrýan, döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar bilen garşy alynýandygyny bellediler.
Şeýle hem çykyşlarda ýaşlaryň hemişe kämillige ymtylmalygyny, çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedigini, ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdigini, kämillik — ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydygy, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, döredijilik boýunça çäreleriň ýaşlaryň kämilleşmeginde ähmiýetiniň diýseň uludygy dogrysynda çykyş etdiler.
Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip birinji bölüm «Bilim-ösüşlere binýat» diýip atlandyryldy we çykyşlarda ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda bellenildi. Ikinji bölüm «Ylymly ýaşlar-kämilligiň ýolunda» diýip atlandyryldy we bu bölümde çykyş edenler ylym-bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolup durýandygy, ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigi hakynda bellediler. Maslahata gatnaşyjylar edilýän şeýle uly aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar we her ýylda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
Kakageldi Çaryberdiýew
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy