ARKADAG ŞÄHERI-ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ŞÄHERI

ARKADAG ŞÄHERI-ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ŞÄHERI

183
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýürekdäki arzuwlarym hasyl boldy. 2024-nji ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikde matematika dersi boýunça Balkan welaýat tapgyrynda III oruna mynasyp boldym. Matematika bilen çagalykdan gyzyklanmagym özüme bolan ynamy, söwda-senagat başarnygyny, hat-da sportda hem ukybymy kemala getirmäge uly ýardam etdi. Ine bu gün bolsa saýlap alan ugrum boýunça Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi.
Türkmen halkynda: «At — myrat» diýen pähim bar. Türkmen halkynyň Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça gurlan we Arkadag şäheriniň bezegi bolan «Akhan» binasy täze şäheriň bezegi bolup, onuň özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy bolan behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr. Täze şäheriň, onda atçylyk akademiýasynyň dünýä ahalteke bedewlerini peşgeş beren gadymy türkmen topragynyň iň gözel ýerleriniň birinde gurulmagy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda behişdi bedewler Türkmenistan Watanymyzyň ähli ulgamlarda gazanýan uly üstünliklerini aýdyň nyşany bolup durýar.
Akademiýada atçylyk ulgamynda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etdiräýjek, täze taryhy eýýamda pudagy ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga, mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Şol hünärmenleriň hatarynda meniň hem bolmagym giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp ýaşlaryň şäheri Arkadag şäherinde talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma buýsanjymyň begenjimiň çägi ýok.
Biz — ýaşlara ýokary bilim almaga, ýüregimizde besleýän hünärlerimiziň eýesi bolmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
 
Baýramgeldiýewa Aýşat
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm