«AHALTEKE ATLARY-PARAHATÇYLYGYŇ ILÇILERI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ GURNAMAGYNDA SANLY ULGAM ARKALY OKUW-USULY MASLAHATY GEÇIRILDI

«AHALTEKE ATLARY-PARAHATÇYLYGYŇ ILÇILERI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ GURNAMAGYNDA SANLY ULGAM ARKALY OKUW-USULY MASLAHATY GEÇIRILDI

313
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi” atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň agzalary şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri  gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler akyldar şahyryň döredijiliginde zenan mertebesiniň sarpalanandygyny bellemek bilen, şahyryň zenanlara bagyşlap ýazan şygyrlaryny okap, olaryň manysyny gürrüň berdiler. Şeýle hem zenanlaryň maşgalada tutýan orny, maşgalanyň agzybirligine gönükdirilen pikirler  beýik şahyryň aýal-gyzlara bagyşlap döreden eserleriniň aglabasynda duş gelýär diýip bellemek bilen maslahata gatnaşyjylar ynsanperwer şahyryň maşgala gurmak meselesinde birek-birege hormat goýmalydygyny aýdyň beýan edipdir diýip nygtap geçdiler.
 Mälim bolşy ýaly türkmen halky taryhyň dürli döwürlerinde zenanlara aýratyn hormat bilen garapdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlarymyz ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şol sanda oba hojalygynda hem yhlasly we netijeli zähmet çekip eziz Diýarymyzyň ähli taraplaýyn ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Sanly ulgam arkaly geçirilen okuw-usuly maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda akyldar şahyra goýulýan belent sarpasy üçin şeýle hem Magtymguly Pyragyny öwrenmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
 
 Atanur KLYŞOW
Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri atly
 Ýunesko klubynyň Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm